TÜRKMEN DÖWLET
NEŞIRÝAT GULLUGY

Türkmenistan — Türkiýe: strategik hyzmatdaşlygy ösdürmegiň ýoly bilen

Gahryman Arkadagymyzyň Tür­ki­ýe Res­pub­li­ka­sy­na iş sa­pa­ry baş­lan­dy

Aş­ga­bat — An­tal­ýa, 10-njy no­ýabr (TDH). Şu gün türk­men hal­ky­nyň Milli Lideri, Türk­me­nis­ta­nyň Halk Mas­la­ha­ty­nyň Baş­ly­gy Gurbanguly Berdimuhamedow Bir­le­şen Mil­let­ler Gu­ra­ma­sy­nyň Ho­wa­nyň üýt­ge­me­gi ba­ra­da­ky Çar­çu­wa­ly kon­wen­si­ýa­sy­na gat­na­şy­jy ta­rap­la­ryň 31-nji mas­la­ha­ty­na (COP31) gat­naş­mak üçin iş sa­pa­ry bi­len Tür­ki­ýe Res­pub­li­ka­sy­na ug­ra­dy.

Gahryman Arkadagymyz Tür­ki­ýe Res­pub­li­ka­sy­na ug­ra­mak üçin Türk­me­nis­ta­nyň Halk Mas­la­ha­ty­nyň Di­wa­nyn­dan paý­tag­ty­my­zyň Hal­ka­ra ho­wa Arkadag men­zi­li­ne bar­dy. Bu ýer­de Milli Liderimiz Tür­ki­ýe Res­pub­li­ka­sy­nyň Türk­me­nis­tan­da­ky Adat­dan da­şa­ry we Do­ly yg­ty­ýar­ly il­çi­si Şe­ner Je­be­ji bi­len gür­rüň­deş bol­dy.

Dip­lo­mat Gahryman Arkadagymyzyň türk-türk­men dost­luk­ly gat­na­şyk­la­ry­ny pug­ta­lan­dyr­ma­ga goş­ýan ägirt uly şah­sy go­şan­dy­ny bel­läp, türk­men hal­ky­nyň Milli Liderine sa­pa­ry­nyň üs­tün­lik­li geç­me­gi­ni ar­zuw et­di.

Halk Mas­la­ha­ty­nyň Baş­ly­gy Türk­me­nis­tan bi­len Tür­ki­ýä­niň ara­syn­da­ky gat­na­şyk­la­ryň iki hal­kyň ta­ry­hy­nyň, di­li­niň, ru­hy we ah­lak gym­mat­lyk­la­ry­nyň umu­my­ly­gy­na esas­lan­ýan­dy­gy­ny aý­dyp, onuň hä­zir­ki dö­wür­de hil taý­dan tä­ze de­re­jä çy­ka­ry­lyp, ma­ny-maz­mun taý­dan baý­laş­dy­ryl­ýan­dy­gy­ny nyg­ta­dy.

Gahryman Arkadagymyz il­çi­ni ýo­ka­ry dip­lo­ma­tik we­zi­pä bel­le­nil­me­gi bi­len gut­lap, oňa işin­de üs­tün­lik­le­ri ar­zuw et­di. Türk­men hal­ky­nyň Milli Lideri Bir­le­şen Mil­let­ler Gu­ra­ma­sy­nyň Ho­wa­nyň üýt­ge­me­gi ba­ra­da­ky Çar­çu­wa­ly kon­wen­si­ýa­sy­na gat­na­şy­jy ta­rap­la­ryň mas­la­ha­ty­nyň 1995-nji ýyl­dan bä­ri ge­çi­ri­lip ge­lin­ýän­di­gi­ni aý­dyp, şu ge­zek ke­ra­mat­ly ýer­de — Tür­ki­ýe­de gu­ral­ýan bu dün­ýä äh­mi­ýet­li çä­rä­niň üs­tün­lik­li geç­jek­di­gi­ne ynam bil­dir­di.

Milli Liderimiz sa­pa­ry­nyň do­wa­myn­da Prezident Re­jep Ta­ýyp Är­do­gan bi­len du­şu­şy­gy­nyň bol­jak­dy­gy­ny aý­dyp, Türk­me­nis­tan bi­len Tür­ki­ýä­niň dür­li ul­gam­lar­da, şol san­da şä­her­gur­lu­şyk ul­ga­myn­da hyz­mat­daş­lyk edip gel­ýän­di­gi­ne ün­si çek­di. Şeý­le hem türk­men hal­ky­nyň Milli Lideri türk kom­pa­ni­ýa­la­ry­nyň ýur­du­myz­da gur­lu­şyk taslamalaryny dur­mu­şa ge­çir­ýän­dik­le­ri­ni aýt­dy. Bel­le­ni­li­şi ýa­ly, Tür­ki­ýe Res­pub­li­ka­sy Türk­me­nis­ta­nyň esa­sy söw­da-yk­dy­sa­dy hyz­mat­daş­la­ry­nyň bi­ri bo­lup dur­ýar. Ener­ge­ti­ka, ulag, se­na­gat, şä­her­gur­lu­şyk ul­gam­la­ryn­da­ky bi­le­lik­dä­ki taslamalar iki­ta­rap­la­ýyn hyz­mat­daş­lyk­da aý­ra­tyn orun eýe­le­ýär.

Il­çi Gahryman Arkadagymyzyň Tür­ki­ýä amala aşyr­ýan iş sa­pa­ry­nyň buý­sanç­ly wa­ka­dy­gy­ny aý­dyp, bu sa­pa­ryň türk-türk­men do­gan­lyk gat­na­şyk­la­ry­ny mun­dan beý­läk-de ös­dür­mä­ge iter­gi ber­jek­di­gi­ni nyg­ta­dy. Şeý­le-de ol Tür­ki­ýe­de Milli Liderimiziň tag­ly­mat­la­ry­nyň we baş­lan­gyç­la­ry­nyň he­mi­şe gol­da­nyl­ýan­dy­gy­ny bel­le­di hem-de Gahryman Arkadagymyza ýo­lu­nyň ak bol­ma­gy­ny ar­zuw et­di.

Türk­me­nis­ta­nyň Halk Mas­la­ha­ty­nyň Baş­ly­gy­ny bu ýer­de ýur­du­my­zyň res­mi adam­la­ry ug­rat­dy­lar.

Mi­ze­mez dost-do­gan­lyk gat­na­şyk­la­ry­na, ta­ry­hyň, me­de­ni­ýe­tiň, di­liň umu­my­ly­gy­na esas­lan­ýan türk­men-türk gat­na­şyk­la­ry bu gün hem­me­ta­rap­la­ýyn stra­te­gik hyz­mat­daş­ly­gyň nus­ga­lyk de­re­je­si­ni gör­kez­ýär. Ýo­ka­ry de­re­je­dä­ki yna­ny­şyk­ly we yzy­gi­der­li dia­log ne­ti­je­sin­de iki ýur­duň ara­syn­da­ky sy­ýa­sy, yk­dy­sa­dy gat­na­şyk­lar bar­ha pug­ta­lan­dy­ryl­ýar. Soň­ky ýyl­lar­da dur­nuk­ly ösüş, “ýa­şyl” öz­gert­me­ler ýö­rel­ge­le­ri­ne umu­my yg­rar­ly­lyk türk­men-türk dia­lo­gy­nyň aý­ra­tyn ug­ry bo­lup çy­kyş ed­ýär. Ýurt­la­ry­myz hä­zir­ki döw­rüň eko­lo­gik me­se­le­le­ri­niň ne­ti­je­li çöz­güt­le­ri­ni iş­läp taý­ýar­la­mak üçin hal­ka­ra gi­ňiş­lik­de ta­gal­la­la­ry­ny ut­gaş­dyr­ýar­lar.

BMG-niň Ho­wa­nyň üýt­ge­me­gi ba­ra­da­ky Çar­çu­wa­ly kon­wen­si­ýa­sy­na gat­na­şy­jy ta­rap­la­ryň mas­la­ha­ty dün­ýä­niň eko­lo­gi­ýa ar­hi­tek­tu­ra­sy­ny kes­git­le­ýän mö­hüm äh­lu­mu­my me­ha­nizm bo­lup dur­ýar. Ho­wa­nyň äh­lu­mu­my maý­la­ma­gy­nyň öňü­ni al­mak bo­ýun­ça çä­re­le­ri ara alyp mas­la­hat­laş­mak üçin ne­ti­je­li meý­dan­ça hök­mün­de bu fo­rum döw­let Baş­tu­tan­la­ry­ny, bi­ler­men­le­ri, işe­wür to­par­la­ryň, ra­ýat jem­gy­ýe­ti­niň we­kil­le­ri­ni bir ýe­re jem­le­ýär. Ge­çi­ril­ýän her bir tä­ze mas­la­hat par­nik gaz­la­ry­nyň daş­ky gur­şa­wa zy­ňyn­dy­la­ry­ny azalt­mak bo­ýun­ça milli stra­te­gi­ýa­la­ryň ne­ti­je­li­li­gi­ni ýo­kar­lan­dyr­ma­ga, ho­wa­nyň üýt­ge­ýän şert­le­ri­ne uý­gun­laş­ma­ga ýar­dam ber­mä­ge hem-de ösüp bar­ýan ýurt­la­ra ma­li­ýe we teh­no­lo­gik kö­me­gi­ üp­jün et­mä­ge gö­nük­di­ri­len­dir.

Dün­ýä de­re­je­sin­dä­ki eko­lo­gik we­him­le­riň ýy­gy-ýy­gy­dan ýü­ze çyk­ýan şert­le­rin­de bu fo­rum­la­ryň äh­mi­ýe­ti bar­ha art­ýar. Bu gün bu mas­la­hat­lar di­ňe bir te­bi­ga­ty go­ra­mak me­se­le­le­ri­ni ara alyp mas­la­hat­laş­mak üçin meý­dan­ça bol­man, eý­sem, tä­ze äh­lu­mu­my yk­dy­sa­dy­ýe­ti ke­ma­la ge­tir­me­giň stra­te­gik mer­ke­zi­ne-de öw­rül­di. Onuň meý­dan­ça­la­ryn­da ka­bul edil­ýän çöz­güt­ler tu­tuş dün­ýä­niň ener­ge­ti­ka, azyk howp­suz­ly­gy­na hem-de ekoul­gam­la­ryň dur­nuk­ly­ly­gy­na öz tä­si­ri­ni ýe­tir­ýär. Bu bol­sa her bir gat­na­şy­jy döw­let­den sy­ýa­sy er­ki, ne­ti­je­li dia­lo­gy, ta­gal­la­la­ry bir­leş­dir­me­gi ta­lap ed­ýär.

Türk­me­nis­tan BMG-niň Dur­nuk­ly ösüş mak­sat­la­ry­ny iş ýü­zün­de amala aşyr­ma­ga üýt­gew­siz yg­rar­ly­dy­gy­ny gör­kez­mek bi­len, “COP” mas­la­hat­la­ry­na iş­jeň gat­naş­ýar. Bu ab­raý­ly äh­lu­mu­my meý­dan­ça­lar­da ýur­du­myz “ýa­şyl” yk­dy­sa­dy­ýe­ti or­naş­dyr­mak, te­bi­gy se­riş­de­le­ri re­je­li peý­da­lan­mak bo­ýun­ça anyk milli çä­re­ler bi­len ber­ki­di­len ga­ra­ýyş­la­ry­ny yzy­gi­der­li be­ýan ed­ýär. Türk­men ta­ra­py Mer­ke­zi Azi­ýa we Ha­zar deň­zi se­bi­ti­niň eko­lo­gik me­se­le­le­ri­ne aý­ra­tyn ün­si çek­ýär. Çün­ki bu me­se­le­ler ser­he­tüs­ti ut­gaş­dy­ry­lan ta­gal­la­la­ry ta­lap ed­ýär.

Ener­gi­ýa tyg­şyt­laý­jy in­no­wa­sion teh­no­lo­gi­ýa­la­ry or­naş­dyr­mak, gaý­ta­dan di­kel­dil­ýän ener­gi­ýa çeş­me­le­ri­ni ös­dür­mek, me­ta­nyň daş­ky gur­şa­wa zy­ňyn­dy­la­ry­ny azalt­mak bo­ýun­ça tek­lip­ler Türk­me­nis­ta­nyň hal­ka­ra gi­ňiş­lik­de öňe sür­ýän esa­sy baş­lan­gyç­la­ry­nyň ha­ta­ryn­da­dyr. Ýur­du­myz BMG-niň eko­lo­gi­ýa bo­ýun­ça esa­sy kon­wen­si­ýa­la­ry­na go­şu­lyp, Pa­riž yla­la­şy­gy­ny ýe­ri­ne ýe­tir­mek üçin milli de­re­je­de çä­re­le­ri dur­mu­şa ge­çir­ýär.

Eko­lo­gi­ýa gün ter­ti­bi bo­ýun­ça Türk­me­nis­ta­nyň hem-de BMG-niň ara­syn­da­ky hyz­mat­daş­lyk yzy­gi­der­li, uzak möh­let­li we stra­te­gik hä­si­ýe­te eýe­dir. Di­ýa­ry­myz­da BMG-niň dü­züm bir­lik­le­ri­niň gol­daw ber­me­gin­de ho­wa­nyň üýt­ge­me­gi­ne gar­şy uý­gun­laş­mak, suw se­riş­de­le­ri­ni ne­ti­je­li do­lan­dyr­mak, Ga­ra­gum säh­ra­sy­nyň bio­dür­lü­li­gi­ni, Ha­zar deň­zi­niň ekoul­ga­my­ny go­rap sak­la­mak ba­bat­da ýur­du­my­zyň müm­kin­çi­lik­le­ri­ni pug­ta­lan­dyr­ma­ga gö­nük­di­ri­len giň möç­ber­li taslamalar amala aşy­ryl­ýar. Mil­let­ler Bi­le­le­şi­gi Türk­me­nis­ta­nyň se­bit­de eko­lo­gi­ýa howp­suz­ly­gy­ny üp­jün et­mä­ge goş­ýan go­şan­dy­na ýo­ka­ry ba­ha be­rip, ýur­du­my­za bu iş­de yg­ty­bar­ly hyz­mat­daş hök­mün­de ga­ra­ýar.

Türk­me­nis­ta­nyň BMG-niň çäk­le­rin­dä­ki kö­pu­gur­ly iş­jeň­li­gi döw­le­ti­mi­ziň bi­ta­rap da­şa­ry sy­ýa­sa­ty­nyň ýo­ka­ry ne­ti­je­li­li­gi­niň aý­dyň be­ýa­ny­dyr. Ýur­du­my­zyň baş­lan­gy­jy bo­ýun­ça Baş As­samb­le­ýa­da 30-dan gow­rak Ka­rar­na­ma, şol san­da Türk­me­nis­ta­nyň he­mi­şe­lik Bi­ta­rap­ly­gy, 2025-nji ýy­ly “Hal­ka­ra pa­ra­hat­çy­lyk we yna­nyş­mak ýy­ly” di­ýip yg­lan et­mek, Bü­tin­dün­ýä dur­nuk­ly ulag gü­nü­ni dö­ret­mek, 2028-nji ýy­ly “Hal­ka­ra hu­kuk ýy­ly” di­ýip yg­lan et­mek ba­ra­da­ky Kararnamalar, ener­gi­ýa se­riş­de­le­ri­niň üs­ta­şyr ge­çi­ril­me­gi­niň yg­ty­bar­ly­ly­gy­ny pug­ta­lan­dyr­ma­ga hem-de äh­lu­mu­my ulag inf­rast­ruk­tu­ra­sy­ny ös­dür­mä­ge gö­nük­di­ri­len resminamalar ka­bul edil­di. Bu dö­re­di­ji­lik­li sy­ýa­sa­ty iler­let­mä­ge türk­men hal­ky­nyň Milli Lideri aý­ra­tyn go­şant goş­ýar. Hut Gahryman Arkadagymyzyň stra­te­gik ga­ra­ýyş­la­ry we şah­sy baş­lan­gyç­la­ry ne­ti­je­sin­de eko­lo­gik aba­dan­çy­ly­gy üp­jün et­mek Türk­me­nis­ta­nyň döw­let sy­ýa­sa­ty­nyň ile­ri tu­tul­ýan ugur­la­ry­nyň ha­ta­ry­na çy­ka­ryl­dy.

Türk­men hal­ky­nyň Milli Lideriniň An­tal­ýa­da ge­çi­ril­ýän “COP31” mas­la­ha­ty­na gat­naş­ma­gy hem Türk­me­nis­ta­nyň açyk dia­log, pa­ra­hat­çy­lyk we eko­lo­gik jo­gap­kär­çi­lik ýö­rel­ge­le­ri­ne üýt­gew­siz yg­rar­ly­dy­gy­nyň no­bat­da­ky aý­dyň my­sa­ly­dyr.

...Bir­nä­çe wagt­dan Gahryman Arkadagymyz An­tal­ýa şä­he­ri­niň Hal­ka­ra ho­wa men­zi­li­ne gel­di. Ha­ly dü­şe­len ýo­da­jy­gyň ug­run­da Hor­mat ga­ra­wu­ly­nyň es­ger­le­ri ny­za­ma dü­zü­lip­dir. Bu ýer­de türk­men hal­ky­nyň Milli Liderini Tür­ki­ýe Res­pub­li­ka­sy­nyň res­mi we­kil­le­ri we ýur­du­my­zyň res­mi we­ki­li­ýe­ti­niň ag­za­la­ry mä­hir­li gar­şy­la­dy­lar.

Gahryman Arkadagymyz ha­ly dü­şe­len ýo­da­jyk bo­ýun­ça Hor­mat ga­ra­wu­ly­nyň es­ger­le­ri­niň ha­ta­ry­na ta­rap ýö­re­di. Bu ýer­de Milli Liderimizi Hor­mat ga­ra­wu­ly­nyň ser­ker­de­si gar­şy­la­dy hem-de ha­sa­bat ber­di.

Türk­me­nis­ta­nyň Halk Mas­la­ha­ty­nyň Baş­ly­gy es­ger­le­re “Mer­ha­ba, as­ker!” di­ýip ýüz­len­di, es­ger­ler bol­sa, öz ge­ze­gin­de, “Sag bo­luň!” di­ýip jo­gap ber­di­ler.

Gahryman Arkadagymyzyň Tür­ki­ýe Res­pub­li­ka­sy­na iş sa­pa­ry do­wam ed­ýär.