Resmi habarlar
Türkmenistan bilen Pakistan Yslam Respublikasynyň arasyndaky hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmek, ikitaraplaýyn ykdysady gatnaşyklary has-da pugtalandyrmak maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi. Resminama laýyklykda, Bilelikdäki türkmen-pakistan hökümetara toparynyň türkmen böleginiň düzümi tassyklanyldy.
***
Türkmenistanyň Prezidenti Buýruga gol çekdi. Resminama laýyklykda, wezipe borçlaryny talabalaýyk ýerine ýetirmän, garamagyndaky ministrlikleriň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň işine gözegçiligi gowşadandygy üçin, Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň müdiriýetiniň başlygy Atagulyýew Nokerguly Hojagulyýewiçe käýinç yglan edildi.
(TDH)
Halkbank and other bank services
Senagat Bank