TÜRKMEN DÖWLET
NEŞIRÝAT GULLUGY

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowa Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň döredilen güni mynasybetli Türkmenistanyň Ýaşlar baýragynyň gowşurylyş dabarasyna gatnaşyjylaryň ÝÜZLENMESI

Çuňňur hormatlanylýan Prezidentimiz!

Biz — bagtyýar we ruhubelent ýaşlar Siziň çäksiz aladalaryňyz bilen ýaşlar baradaky döwlet syýasatynyň üstünlikli durmuşa geçirilýändigi, ýurdumyzda ýaş nesilleriň ylymly-bilimli, giň dünýägaraýyşly, döwrebap tehnologiýalardan baş çykarýan şahsyýetler hökmünde kemala gelmekleri ugrunda döredýän ajaýyp mümkinçilikleriňiz, berýän goldaw-hemaýatlaryňyz üçin Size tüýs ýürekden hoşallygymyzy bildirýäris.

Hormatly Arkadagly Gahryman Serdarymyz!

Siziň «Ýaşlar — Watanyň daýanjy» diýen sözleriňizden ugur alnyp, ýurdumyzda ýaşlar baradaky döwlet syýasaty üstünlikli durmuşa geçirilýär. Her ýylda Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň döredilen güni mynasybetli ähli ugurlarda aýratyn tapawutlanan ýaşlaryň Türkmenistanyň Ýaşlar baýragyna mynasyp bolmaklary bu syýasatyň has-da rowaçlanýandygyny görkezýär.

Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasy döwletiň we ýaşlaryň bähbitlerini utgaşdyrmak, demokratik ýörelgelere ygrarly, jemgyýetiň sazlaşykly ösüşine goşant goşýan ýaşlary öz töwereginde jemlemek bilen, ýurdumyzyň ýaşlarynyň müňlerçesiniň jemgyýetçilik durmuşyna işjeň gatnaşmagyna giň ýol açýar. Gurama ýaşlaryň hukuk, durmuş taýdan goraglylygyny üpjün etmek, olaryň arasynda milli ruhy-ahlak gymmatlyklarymyzy, taryhy-medeni mirasymyzy, däp-dessurlarymyzy wagyz etmek ugrunda giň gerimli işleri alyp barýar. Şeýle hem sagdyn durmuş ýörelgelerini rowaçlandyrmak, watansöýüjiligi, raýat jogapkärçiligini, zähmete söýgini terbiýelemek, ýaşlaryň jemgyýetçilik başlangyçlaryny goldamak, olaryň döredijilik mümkinçiliklerini ýüze çykarmak ýaly möhüm wezipeleri üstünlikli amala aşyrýar.

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň beýik başlangyçlary we Siziň taýsyz tagallalaryňyz esasynda ýaşlaryň jemgyýetde eýeleýän ornuna ýokary baha berilýär. Zähmetsöýer, ylymly-bilimli, ýurdumyzyň Garaşsyzlygyny, hemişelik Bitaraplyk hukuk derejesini pugtalandyrmaga mynasyp goşant goşýan hakyky watansöýüji nesilleri terbiýeläp ýetişdirmek öňde goýlan durmuş-ykdysady, medeni-ynsanperwer wezipeleriň wajyp ugurlarynyň biridir. Siziň: «Ýaşlar guramasynyň gujur-gaýratly agzalarynyň, ýurdumyzyň watansöýüji, ylymly, bilimli, dörediji we gurujy ýaşlarynyň ählisiniň jemgyýetimizde durnuklylygy, bitewüligi pugtalandyrmaga işjeň gatnaşjakdyklaryna, eziz Watanymyzyň mundan beýläk-de gülläp ösmeginiň, bütin dünýädäki abraý-mertebesiniň belende göterilmeginiň bähbidine ak ýürekden, yhlasly zähmet çekjekdiklerine berk ynanýaryn» diýen sözleriňiz bizi täze belent üstünliklere, döredijilikli, joşgunly zähmet çekmäge ruhlandyrýar.

Sarpasy belent Prezidentimiz!

«Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» ýylynda ýaşlar baradaky döwlet syýasaty täze ösüşlere eýe bolýar. Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisinde «Türkmenistanda ýaşlar barada döwlet syýasatynyň 2031-nji ýyla çenli Döwlet maksatnamasynyň» kabul edilmegi biziň ählimizde çäksiz buýsanç döretdi. Bu resminama milli taryhymyzy, medeniýetimizi, däp-dessurlarymyzy oňat bilýän, köpasyrlyk ynsanperwer ýörelgelerimize, döwletlilik hem-de maşgala gymmatlyklaryna sarpa goýýan, kämil, beden we ruhy taýdan sagdyn şahsyýetleri kemala getirmekde möhüm ädimdir. Şeýle hem ol ýaşlaryň bilimini, hünär başarnyklaryny, döredijilik, intellektual mümkinçiliklerini ösdürmek, jemgyýetçilik durmuşyndaky ornuny has-da berkitmek üçin täze mümkinçilikleri açýar. Siziň Watanymyzyň gülläp ösmegi ugrunda alyp barýan beýik işleriňiz, parahatçylyk söýüjilikli daşary syýasatyňyz, jemgyýetçilik gatnaşyklaryny kämilleşdirmäge, milli ruhy-ahlak gymmatlyklarymyzy ösdürmäge gönükdirilen tagallalaryňyz biz — ýaşlaryň ýürek senasyna öwrülýär.

Adamzat jemgyýetiniň ösüşi we özgerişi ýaşlar bilen aýrylmaz baglanyşykly. Şoňa görä-de, ýaşlaryň bilimini, başarnygyny, döredijilik kuwwatyny milletiň bähbitlerine, Watanyň ösüşine hem-de dünýäde parahatçylygyň pugtalandyrylmagyna gönükdirmek möhüm wezipeleriň biridir. Özleri üçin döredilýän giň mümkinçiliklerden peýdalanýan ýaşlar diňe bir şol şertleriň hözirini görmek bilen çäklenmän, eýsem, Garaşsyzlyk ýyllarynda gazanylan ajaýyp üstünlikleri mynasyp dowam etdirmäge, ýurdumyzyň halkara abraýyny belende götermäge hem mynasyp goşantlaryny goşýarlar.

Siziň degişli Kararyňyz bilen tassyklanan «Türkmenistanyň ýaşlarynyň halkara hyzmatdaşlygynyň 2023 — 2030-njy ýyllar üçin Strategiýasyndan» ugur alnyp, Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň ÝUNESKO-nyň Bütindünýä ýaşlar jemgyýetine resmi agza bolmagy halkara hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmekde türkmen ýaşlarynyň ornuny has-da berkitdi. Bu üstünlik ýaşlarymyzyň halkara derejede bilim, ylym, medeniýet, döredijilik ugurlarynda mümkinçiliklerini görkezmeklerine, dünýäniň dürli ýurtlarynyň ýaşlary bilen tejribe alyşmaklaryna, dost-doganlyk gatnaşyklaryny ösdürmeklerine giň mümkinçilikleri açýar.

Hormatly Prezidentimiz!

«Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» ýylynda türkmen ýaşlarynyň ykdysadyýetimiziň dürli pudaklarynda aýratyn tapawutlanan, ýokary guramaçylyk ukybyna, kärdeşleriniň arasynda uly hormata eýe bolan ýaşlaryň Türkmenistanyň Ýaşlar baýragyna mynasyp bolmagy ýurdumyzyň nurana geljeginiň eýelerine döwletimiz tarapyndan berilýän ünsüň nobatdaky güwäsidir. Bu baýrak ýaşlaryň yhlasly zähmetine berilýän mynasyp bahanyň, olaryň zehinine, döredijilik mümkinçiliklerine bildirilýän uly ynamyň aýdyň beýanydyr. Bu gün biz Siziň baştutanlygyňyzda mizemez şu günümizi we ýagty geljegimizi gurýarys. Biz Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Siziň daşyňyza mäkäm jebisleşip, her bir döwletli tutumyňyzy özümize ýol-ýörelge edinip, täze taryhy eýýamyň her bir gününi belent watansöýüjilik ruhuna beslemek ugrunda mundan beýläk-de halal zähmetimizi, ukyp-başarnygymyzy, zehin-yhlasymyzy gaýgyrmarys.

Belent mertebeli Prezidentimiz!

Gözümiziň göreji, başymyzyň täji bolan ajaýyp ýurdumyzy dünýäniň iň ösen döwletleriniň hataryna çykarmak, onuň syýasy, ykdysady, maddy-durmuş, ruhy-medeni kuwwatyny mundan beýläk-de artdyrmak üçin Siziň öwüt-nesihatlaryňyzdan ruhlanyp, hemişe ynamly işleýän, gurýan, döredýän, ýokary sowatly, ylymly-bilimli, başarjaň ýaşlar bolarys. Okamak, öwrenmek, öz üstümizde yzygiderli işlemek, döredijilikli, yhlasly zähmet çekmek bilen, eziz Watanymyzyň mundan beýläk-de gülläp ösmegine, halkara abraýynyň has-da belende galmagyna mynasyp goşant goşarys. Siziň janyňyzyň sag, ömrüňiziň uzak bolmagyny, aýdyň maksatlara gönükdirilen beýik işleriňiziň hemişe rowaçlyklara beslenmegini tüýs ýürekden arzuw edýäris.

Sizi çuňňur hormatlamak bilen,

Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň döredilen güni mynasybetli Türkmenistanyň Ýaşlar baýragynyň gowşurylyş dabarasyna gatnaşyjylar.