Resmi habarlar
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzda amala aşyrylýan durmuş-ykdysady özgertmeleri giňden ýaýmak, Türkmenistanyň daşary ýurtlar bilen köpugurly gatnaşyklaryny ösdürmek, häzirki zaman tehnologiýalaryny önümçilige giňden ornaşdyrmak, öňdebaryjy tejribäni alyşmak, ykdysadyýetiň pudaklaryna maýa goýumlary çekmek maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi. Resminama laýyklykda, ministrlikler we pudaklaýyn dolandyryş edaralary tarapyndan 2027-nji ýylda geçiriljek sergileriň, ýarmarkalaryň, maslahatlaryň we festiwallaryň sanawy hem-de olary geçirmek boýunça guramaçylyk toparynyň düzümi tassyklanyldy.
Ministrliklere, pudaklaýyn dolandyryş edaralaryna degişli çäreleriň ýokary derejede we guramaçylykly geçirilmegini üpjün etmek tabşyryldy.
* * *
Türkmenistan bilen Ermenistan Respublikasynyň arasynda gazanylan ikitaraplaýyn ylalaşyklary durmuşa geçirmek hem-de iki ýurduň özara gatnaşyklaryny mundan beýläk-de ösdürmek maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi. Resminama laýyklykda, Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-ermeni toparynyň türkmen böleginiň düzümi tassyklanyldy.
(TDH)
Halkbank and other bank services
Senagat Bank